Soňky habarlar

Arhiw

«Ýönekeý» türkmenistanly dalaşgärlere Hytaýyň ýokary okuw mekdepleri barada zerur maglumatlary ýetirýär

11:3631.03.2023
0
54475

«Ýönekeý» hususy kärhanasy Türkmenistanyň Hytaýda ýokary bilim almak isleýän 18 ýaşdan 35 ýaşa çenli aralykdaky raýatlaryna HHR-iň ýokary okuw mekdepleri, kurslar hem-de okuwlaryň tapgyrlary, şeýle-de birnäçe amaly sowallar barada giňişleýin maglumatlary hödürleýär.

«Ýönekeý» hususy kärhanasynyň saýtynda hasaba alynmak bilen, hyzmatdan peýdalanyjy müşderi bir ýarym sagatlyk webinar sapagyny diňlemäge mümkinçilik alýar. Bu okuw sapagynda maslahat beriji hünärmen diňleýjileri geljekki okuwlaryň aýratynlyklary, ýagny Hytaýyň 25 şäherindäki ýokary okuw mekdepleriň ýerleşýän ýerleri, okamak we ýaşamak üçin zerur bolan tölegler, tölegleri geçirmegiň usullary, okuwa girmek üçin gerekli bolan resminamalaryň sanawy, okuw tapgyrlary (hytaý dilini öwrenmekden başlap, aspirantura çenli), türkmenistanly talyplaryň HHR-de okap biljek hünärleri we beýleki köpsanly maglumatlar barada giňişleýin tanyş edýär.

Webinarda ýetirilýän maglumatlar Hytaýyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan ýokary okuw mekdeplerinde okamak mümkinçiligine çynlakaý çemeleşýän her bir adam üçin örän gymmatlydyr.

Kärhananyň web saýtynda hasaba alynmakda hökmany suratda adyňy, telefon belgiňi we elektron poçtaň salgysyny görkezmelidir. Hasaba alynmakdan soň, okuw.yonekey.com saýtynda Hytaýda okamaga isleg bildirýändigiňi bellemek ýeterlikdir, şondan soňra bolsa «Ýönekeý» kärhanasynyň hünärmenleri siz bilen telefon belgiňiz arkaly habarlaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň