Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi Hytaý nebit uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

18:0130.03.2023
0
34747
Türkmen ilçisi Hytaý nebit uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasy Hytaý nebit uniwersitetiniň (Pekin ş.) ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň hyzmatdaşlygynyň ýokary bilim ulgamyndaky wajyp, ýagny Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna zerur bolan ýokary hilli hünärmenleri taýýarlamak we olaryň derejelerini ýokarlandyrmak, hem-de bilelikdäki ylmy-barlag, medeni-ynsanperwer, jemgyýetçilik ähmiýetli meýilnamalary amala aşyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň ilçisi Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda alnyp barýan içeri we daşary syýasatynyň aýratyn ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Munuň bilen birlikde uniwersitetiň rektory Wu Sýaolinge uniwersitetiň işleri, şeýle hem bu uniwersitetde okaýan türkmen talyplary üçin bilim almak, ýaşamak we dynç almak üçin şertleri barada maglumat berendigi üçin minnetdarlyk bildirildi.

Taraplaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň 2009-njy ýylda ýola goýuldy we bu döwürde Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw jaýyny müňe golaý türkmen talyplaryna ýokary bilim berildi.

Şu ýyl bu öňdebaryjy Hytaýyň ýokary okuw jaýy özüniň 70 ýyllyk ýubileýini belleýär. Bu wakany 2023-nji ýylyň oktýabrynda dabaraly ýagdaýda geçirmekligi we onuň bilen baglanşykly taýýarlyk işlerinde taraplar türkmen wekilleriniň hem gatnaşmagy barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň