Soňky habarlar

Arhiw

Ýerlan Koşanow ýene-de Gazagystanyň Mažilisiniň başlyklygyna saýlandy

13:2430.03.2023
0
30428
Ýerlan Koşanow ýene-de Gazagystanyň Mažilisiniň başlyklygyna saýlandy
Surat: google.com

Gazagystanda Ýerlan Koşanowy ýene Parlamentiň aşaky palatasynyň başlyklygyna saýladylar. Onuň kandidaturasyny Mažilisiň ähli deputatlary goldadylar diýip, «Sputnik» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Koşanow öň hem 2022-nji ýylyň 1-nji fewralyndan şu ýylyň 1-nji fewralyna çenli spiker bolupdy. 19-njy ýanwarda ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew palatany ýatyrdy we deputatlaryň nobatdan daşary saýlawlaryny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň