Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 2022-nji ýylyň maliýe netijeleri boýunça içki gözegçilik ulgamynynyň amallarynyň audit barlagyny geçirmek üçin halkara bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ähli gyzyklanýan guramalar we kompaniýalar öz tekliplerini bu bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda aşakdaky salga iberip bilerler: Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 32-nji jaý.
Maglumat üçin telefon belgisi: (+993 12) 40 63 15.
Faks: (+993 12) 48 05 20.
E-poçta: tveb@online.tm
Arzalar 2023-nji ýylyň 10-njy maýyna çenli kabul edilýär.