Her bäşinji belgiýaly harytlary daşary ýurtdan satyn alýar

10:1428.03.2023
0
23403
Her bäşinji belgiýaly harytlary daşary ýurtdan satyn alýar
Surat: funart.pro

Geçen 2022-nji ýylda belgiýalylar goňşy ýurtlarda azyk harytlaryny satyn almaga 543 million ýewro sarp etdiler. Bu barada ýurduň «Fevia» azyk harytlaryny öndürijileriniň federasiýasy habar berdi, sebäbi belgiýalylar üçin ol ýurtlarda azyk harytlarydyr içgiler arzan düşýär.

«Fevia» assosiasiýasynyň habaryna görä, her bäşinji belgiýaly haryt satyn almak üçin yzygiderli serhedi geçýär, şunda has meşhur ugurlar Fransiýa, Niderlandlar, Lýuksemburg we Germaniýadyr.

Goňşy ýurtlardan azyk satyn almak 2022-nji ýylyň aýagynda Belgiýada energiýa göterijilere we azyk harytlaryna nyrhlar güýçli gymmatlandan soňra ýörgünli boldy.

Ýagdaý bilen baglylykda, fransuz hökümeti ýangyjyň nyrhyna ýeňillik girizipdi, şonuň üçin ýurduň dükanlarynda nyrhlar Belgiýadakydan tapawutlylykda, o diýen çalt gymmatlamaýar. Mysal üçin, şu aýda Fransiýada azyk «arabasynyň» nyrhy 3 göterim, Belgiýada bolsa 8 göterim gymmatlady. Galyberse-de, Fransiýada hökümet her bir önüm öndürijiden tekjelerde «hümmetsizlenmä garşy sebedi» ýerleşdirmegi talap etdi, bu bolsa gündelik sarp edilýän harytlaryň durnukly bahalardan satylmalydygyny aňladýar.

Belgiýalylar goňşy ýurtlardan, esasan, içgileri, çörek, süýt önümleridir et satyn alýarlar.

«Fevia» ýurduň hökümetinden ýerli önüm öndürijileri goramak üçin gyssagly çäreleri görmäge çagyrýar. Bu barada «Kazinform» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň