Soňky habarlar

Arhiw

Oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi

21:5427.03.2023
2
36859
Oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häkimler häzirki wagtda sebilertde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle hem welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, onda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Welaýatlaryň sogan, ýeralma ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar, pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Şeýle-de häkimler «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda welaýatlarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler

Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany gowaça ekişiniň guramaçylykly geçirilmeginiň hem-de bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda alnyp barylmagynyň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkimlere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şeýle-de döwlet Baştutany halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmagyň ýurduň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi we welaýatlarda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy häkimlere tabşyrdy.

Iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurduň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentiň ak pata bermegi bilen, şu ýylyň 24-nji martynda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine guramaçylykly girişildi. Daşoguz welaýatynda bolsa gowaça ekişine şu ýylyň 29-njy martynda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, ekiş möwsüminde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň, daýhan birleşikleriniň hasabynda duran we gowaça ekişinde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, pagtaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek ugrunda degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlary bellenen kadalara laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, haşal otlaryň we zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli işler dowam etdirilýär.

Hormatly Prezident hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň çözülmegine toplumlaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň