Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Özbegistana syýahat edýän raýatlarynyň sany boýunça öňdäki orunlarda

16:2927.03.2023
0
17839

Türkmenistan Özbegistana syýahat edýän raýatlarynyň sany babatda öňdäki döwletleriň biri boldy. Has takygy, 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 4,8 müň Türkmenistanyň raýaty syýahatçylyk maksatlary bilen Özbegistanda boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet statistika agentligi habar berýär.

Bellenilişine görä, Türkmenistan Özbegistana syýahat etmäge baran raýatlarynyň sany boýunça 6-njy orundan ýer aldy. Öňdäki bäşlikde bolsa Täjigistan (289,2 müň syýahatçy), Gazagystan (241,4 müň syýahatçy), Gyrgyzystan (211,2 müň syýahatçy), Russiýa Federasiýasy (81 müň syýahatçy) hem-de Türkiýe (13,4 müň syýahatçy) ýaly ýurtlar orun aldylar.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylyň deslapky iki aýynda Özbegistana jemi 871 müňden gowrak syýahatçy geldi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,7 esse köpdür.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň