Soňky habarlar

Arhiw

«AMAKids» mental arifmetika boýunça okuwlara seçip almak işlerini geçirýär

15:5127.03.2023
0
23019

«AMAKids» intellekti ösdürmek akademiýasy 5-den 16 ýaşa çenli çagalary mental arifmetika boýunça okuwlara çagyrýar.

Mental arifmetika boýunça sapaklar islendik sanlary, şol sanda köpbelgili sanlary ýeňillik bilen goşmak, aýyrmak, köpeltmek we bölmek ukyplaryny ösdürmäge ýardam edýär. Mental arifmetika boýunça okuwlaryň binýadynda gadymy abakus hasaplary boýunça hasaplamak ýatandyr. Olaryň kömegi bilen çagalar arifmetiki amallary ýerine ýetirmegi öwrenýärler, geljekde bolsa olar muny islendik kömekçi esbaplary ulanmazdan, hyýallarynda, diňe bu sanlary göz öňünde janlandyryp ýerine ýetirip bilerler.

Mental arifmetika boýunça sapaklaryň dowamynda beýniniň iki ýarymşary hem işjeň hereketde bolýar, analitik hem-de döredijilikli pikirleniş ösýär, ýatkeşlik we beýniniň maglumatlary gaýtadan işlemek tizligi türgenleşýär.

«AMAKids-de» irdenki we günortanky toparlara kabul edişlik geçirilýär. Sapaklar hepdede üç gezek arakesmeler bilen bir ýarym sagat dowamlylykda geçirilýär. Toparlaryň güntertibi:

  • duşenbe – çarşenbe – anna: 9:00 - 10:30 и 13:00 - 14:30;
  • sişenbe – penşenbe – şenbe: 15:00 - 16:30 и 17:00 - 18:30.

Has anyk maglumatlar üçin we mental arifmetika boýunça okuwlara ýazylmak üçin şu telefonlara ýüz tutup bilersiňiz: (+993 63) 63 91 92, (+993 62) 52 56 38.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň