«The Economic Times»: Zeminde täze umman döräp biler

10:5327.03.2023
3
39161

Ýene millionlarça ýyldan Afrikada täze umman (okean) döräp biler, bu barada Hindistanyň «The Economic Times» gazetine saglylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Lidssk uniwersitetiniň alymlarynyň bu çaklamasy 2005-nji ýylda Efiopiýanyň sähralarynda Gündogar-Afrika jaýrygynyň tapylmagyna esaslanýar, onuň uzynlygy 56 kilometrden geçýär.

«Bu planetada yklym jaýrygynyň umman jaýrygyna öwrülişini synlamak mümkin bolan ýeke-täk ýerdir» diýip, uniwersitetiň doktoranty Kristofer Mur gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, şeýle tektoniki süýşmeler Afrika bilen Arap ýarymadasynyň arasynda Gyzyl deňziň hem-de Gündogar Afrika bilen Günbatar Aziýanyň arasynda Aden aýlagynyň emele gelmeginde hasaba alnypdy.

Afrikany ikä böljek täze ummanyň emele gelmegi ýene million ýyldan bolar diýlip, çak edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň