Soňky habarlar

Arhiw

Daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklarynda Türkmenistanyň 13 müňe golaý raýaty bellige alyndy

09:5327.03.2023
2
22385

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň berýän habaryna görä, ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýanyndaky saýlaw uçastoklarynyň 42-sinde Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklarynda geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Saýlaw uçastoklary dünýäniň her sebitiniň ýerli wagtyna laýyklykda, ir säher bilen açyldy. Jemgyýetçilik-syýasy çäräniň guramaçylary tarapyndan daşary ýurtlarda bilim alýan talyplaryň, şeýle-de saýlaw wagtynda belli bir sebäplere görä Türkmenistanyň çäginden daşarda bolýan raýatlaryň öz konstitusion hukuklaryndan peýdalanmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň beren maglumatlaryna görä, daşary ýurtlarda jemi 12 müň 907 saýlawçy bellige alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-a çenli 12 müň 300-den gowrak adam ses berdi. Synçylaryň baha bermeklerine görä, dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan, işleýän hem-de bilim alýan türkmenistanlylar ähli saýlaw uçastoklarynda ýokary raýat işjeňligini we jogapkärçiligini görkezdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň