Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäherine öwrülmelidigini öňe sürdi

21:5725.03.2023
0
26096

Şu gün Aşgabatdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki mejlis geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlise Arkadag şäheriniň dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar hem gatnaşdylar. Onuň barşynda Arkadag şäherine degişli guramaçylyk işleri, bu ugurdaky wezipeleri durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Mejlisiň dowamynda Arkadag şäherinde gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy baradaky hasabatlar diňlenildi. Ýakynda kabul edilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda geçirilmeli işlere seredildi. Şeýle-de guramaçylyk soraglary ara alnyp maslahatlaşylyp, işleri talabalaýyk guramak boýunça ýolbaşçylaryň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary öz hasabatlarynda gözegçilik edýän ulgamlary boýunça Arkadag şäherinde döredilen degişli düzümlere bellenilen we saýlanylan ýolbaşçylar barada aýtdylar.

Mejlisde Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri, häzirki döwürde şäherde dürli maksatly desgalaryň 336-synyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy, bu işlerde ýaşlaryň tekliplerine, täzeçil garaýyşlaryna möhüm üns berlendigi, şäheriň geljekki ösüşinde ýaşlaryň bilimine, başarnygyna we täze bellenilen ýolbaşçylaryň guramaçylyk ukyplaryna möhüm ähmiýet beriljekdigi barada hem aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň