Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda geçiriljek saýlawlarda ses berişlik onlaýn tertipde görkeziler

12:1525.03.2023
1
19369

Türkmenistanda geçiriljek saýlawlarda ses berlişik Merkezi saýlaw toparynyň «saylav.gov.tm» web sahypasynda onlaýn tertipde görkeziler. Bu barada anna güni Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistan Hökümetiniň giňişleýin mejlisinde hasabat berdi.

Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýakynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde gözegçilik edýän ulgamlary tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, M.Çakyýew sebitleriň we paýtagtymyzyň ilatyny jemgyýetçilik ulaglary bilen bökdençsiz üpjün etmek, ýolagçylara ýokary hilli hyzmat etmek babatda degişli çäreleriň görülýändigini aýtdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, Aşgabat şäheriniň we welaýat häkimlerine Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň