Soňky habarlar

Arhiw

Kuala-Lumpurda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

10:4925.03.2023
0
29778
Kuala-Lumpurda Arkadag şäheri tanyşdyryldy
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi M.Maşalowyň we Kuala-Lumpur şäheriniň häkimi Datuk Seri Mahadi Çe Ngahyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda, şol sanda şäher ösüşi we şäherleşme pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilýän Arkadag şäheri barada Kuala Lumpur şäheriniň häkimini we häkimligiň wekillerini giňişleýin tanyşdyrdy.

Arkadag şäherinde gurulýan desgalarda ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylýandygy, şeýle hem «akylly» öýleriň hyzmatlaryny uzakdan ulanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman innowasiýa tehnologiýasynyň ornaşdyrylýandygy, ulag pudagynda bolsa «akylly» ulgamlary ulanmak bilen baglanyşykly taslamalaryň işlenip düzülendigi aýratyn bellendi.

Malaý tarapy Arkadag şäherindäki infrastrukturalaryň halkara standartlarda ýokary hilde bolmagyna, maglumat tehnologiýalarynyň giňden ulanylýandygyna we daşky gurşawyň goragynyň göz öňünde tutulyp gurulýandygyna ýokary baha berdi. Şeýle hem şähergurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we bu ugurda ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň