Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynyň çäklerinde Özbegistanda geçiriljek duşuşyklar Daşkent şäherindäki «Milli», «Jar» we «Pahtakor» stadionlarynda geçiriler.
Bu barada TASS Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň birinji wise-prezidenti, CAFA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Rawşan Irmatowyň sözlerine salgylanyp habar berýär.
Turkmenportalyň ozal habar berşi ýaly, çempionat şu ýylyň 9 ― 21-nji iýuny aralygynda Bişkek we Daşkent şäherlerinde geçiriler. Oňa Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň we Rusiýanyň ýygyndylary gatnaşar. Eger taraplar kesgitli ylalaşyga gelse, ýaryşyň sekizinji wekili Tailandyň ýygyndysy bolar.