Kenarýaka futboly boýunça Aziýanyň kubogynyň ýarym finalçylary belli boldy

09:3424.03.2023
0
37784

Omanyň Hytaýdan 11:0 hasabynda üstün çykan duşuşygy bilen kenarýaka futboly boýunça Aziýanyň kubogynda çärýek finalyň ähli duşuşyklary tamamlanyp, ýarym finalçylar belli boldy.

Çärýek finalyň beýleki duşuşyklarynda Kuweýt häzirki çempion Ýaponiýadan 0:8 hasabynda utulan bolsa, Eýran Bahreýni 10:0 hasaby bilen ýeňipdi, ýer eýeleri ― Tailandyň ýygyndysy bolsa BAE-den 2:4 hasabynda asgyn geldi.

Şeýlelikde, ýaym finalda BAE ― Ýaponiýa, Eýran ― Oman duşuşyklary geçiriler.

Tailandyň Pattaýa şäherinde geçirilýän ýaryş 16-njy martda başlady we 26-njy martda tamamlanar. Üçünji orun ugrundaky we final duşuşyklary 26-njy mart güni geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň