Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Wenada kabul edildi

09:3424.03.2023
0
22328
Türkmenistanyň DIM-niň orunbasary Wenada kabul edildi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň arasynda özara maslahatlaşmalar geçirildi.

20-nji martda Wena şäherinde geçirilen bu nobatdaky syýasy geňeşmelerde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew we Awstriýa tarapyna bolsa agzalan diplomatik edaraň Baş sekretary Peter Launsky-Tieffenthal ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ynsanperwerlik we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýady bilen bagly ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de köptaraplaýyn formatlaryň çäklerindäki mümkinçilikler barada pikir alşyldy.

Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygyň işjeň alnyp barylýandygyny belläp, gyzyklanma bildirilýän ugurlarda öňde duran wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin degişli işleriň maksadalaýyk geçriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň