Guraklyk Argentinanyň oba hojalygyna zeper ýetirýär

10:4823.03.2023
0
25934
Guraklyk Argentinanyň oba hojalygyna zeper ýetirýär
Surat: bakingbusiness.com

Uzaga çeken guraklyk Argentinanyň oba hojalyk pudagyna howp salýar. Bilermenler şu ýyl ýurduň bu möhüm pudagynda iň pes hasylyň boljakdygyny çaklaýarlar diýip, «Habar 24» ýazýar.

Buenos-Aýresiň däne biržasynyň maglumatlaryna görä, guraklyk netijesinde şu ýyl soýanyň hasyly 27 million tonna ýetip biler, bu bolsa taryhda iň pes görkezijidir. Ýerli daýhanlar mekgejöweniň we soýanyň gurap galan meýdanlaryny synlap, çekilen zyýanyň möçberini kesgitlemekçi bolýarlar. Argentinada guraklyk eýýäm üçünji ýyldyr dowam edýär.

Oba hojalyk krizisi ýurduň onsuzam agyr bolan ykdysady ýagdaýyny kynlaşdyryp biler. Argentinada ýyllyk hümmetsizlenme eýýäm 100 göterimden agdy. Guraklykdyr çüpre biten ekinler sebäpli döwletiň gaznasy eksportuň milliardlarça dollarlyk girdejisini ýitirip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň