Türkmenistanda saýlawçylaryň 1,82 göterimi öňünden ses berdi

10:3023.03.2023
0
25918

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek dowam edýär.

2023-nji ýylyň 21-nji marty ýagdaýyna görä, Türkmenistan boýunça hasaba alnan umumy saýlawçylaryň 1,82 göterimi öňünden ses bermäge gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary resmi saýtynda habar berýär.

Öňünden ses bermek 2023-nji ýylyň 16-njy martyndan başlandy we her gün sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçirilýär.

Saýlawlar gününe çenli öňünden ses bermek 25-nji martda sagat 18:00-da tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň