Soňky habarlar

Arhiw

Barselona suwsuz galyp biler

13:1021.03.2023
0
25613
Barselona suwsuz galyp biler
Surat: euronews.com

Barselona suw geçirijiler arkaly akdyrylýan suwsuz galyp biler, muňa şäheri suw bilen üpjün edýän Sau howdanynda çüýrän balyklar sebäp bolup biler diýip, bu ýurduň «El Pais» neşirine salgylanýan «Report.az» habar berýär.

Neşiriň ýazmagyna görä, Ispaniýanyň Kataloniýa ülkesiniň häkimiýetleri suw howdanyny balyklardan arassalamak üçin ýörite çäre geçirmekçi. Olar howdany tonnalap çüýrän balyklardan arassalarlar.

Howdany suw bilen üpjün edýän derýanyň guramagy bilen bagly kislorodsyz galan balyklar gyrylýar we Barselonanyň suw üpjünçilik ulgamyny hapalaýar.

Bu ýagdaý sebitde güýçli guraklyk bilen baglydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň