Soňky habarlar

Arhiw

«Goal»-a görä, Messi «Alty pökgä» iň ýakyn futbolçy

09:4321.03.2023
2
27165

«Goal» portaly 2023-nji ýylda «Altyn pökgi» baýragyna mynasyp bolup biljek futbolçylaryň reýtingini täzeledi ― diýip, «Gazeta.ru» habar berýär.

Reýtingiň birinji basgançagynda PSŽ-niň hüjümçisi, Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany Lionel Messi bar. Ikinji orunda «Mançester Sitiniň» norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand, üçünjilikde bolsa PSŽ-niň fransiýaly futbolçysy Kilian Mbappeni görýäris.

Şeýle hem ilkinji 10-luga aşakdaky futbolçylar girýär:

4. Wiktor Osimhen, «Napoli», Nigeriýa;

5. Winisius Junior, «Real», Braziliýa;

6. Hwiç Kwarasheliýa, «Napoli», Gruziýa;

7. Markus Reşford, «Mançester Ýunaýted», Angliýa;

8. Robert Lewandowskiý, «Barselona», Polşa;

9. Kazemiro, «Mançester Ýunaýted», Braziliýa;

10. Bukaýo Saka, «Arsenal», Angliýa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň