Soňky habarlar

Arhiw

Wena şäherinde Nowruz baýramy bellenildi

17:4420.03.2023
0
26223
Wena şäherinde Nowruz baýramy bellenildi
Surat: mfa.gov.tm

Wena şäherindäki Park Hyatt myhmanhanasynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy bilen Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ilçihanalary we «Society» žurnalynyň redaksiýasy bilelikde Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanyp medeni çäre guramaçylykly geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Bu çäräniň çäklerinde aýdym-sazly konsertler, sergiler hem-de milli tagamlaryň sergisi guraldy. Türkmenistanyň ilçihanasynyň sergi diwarlygynda elde dokalan halylar, milli şaý-sepler, milli ýadygärlik sowgatlary ýerleşdirildi. Şol bir wagtyň özünde sergi meýdançasynda guralan türkmen halkynyň naýbaşy şahyry Magtymguly Pyragynyň surat şekili hem-de onuň kitaplarydyr goşgulary çärä gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Şeýle hem çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň ýetip gelýändigini belläp geçdi we akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligi bilen tanyşdyrdy. Sergä gatnaşyjylarda beýik nusgawy türkmen şahyrynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen goşgular ýygyndysy uly gyzyklanma döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň