Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Nowruz baýramy mynasybetli kabul edişlik gurady

13:5720.03.2023
0
27279

Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda dabaraly kabul edişlik guraldy. Halkara Nowruz gününe bagyşlanan çäre Aşgabatdaky «Ak altyn» myhmanhanasynyň restoranda geçirildi.

Baýramçylyk kabul edişligine, esasan, özbek milletiniň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanlar üçin taýýarlanan özbek tagamlary, şeýle-de medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine aýdym-sazly hem-de tans çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Çärede Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow çykyş edip, dabara gatnaşyjylary baýramçylyk mynasybetli gutlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň