Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2023-nji ýylyň 12 – 13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar" atly halkara ylmy maslahat geçirýär.
Ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.
Ylmy maslahatyň tematiki ugurlary:
1. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;
2. Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika;
3. Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary;
4. Häzirki zaman lukmançylygy we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary;
5. Innowasion ykdysadyýet;
6. Ynsanperwer ylymlar.
Ylmy maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary we annotasiýalary 2023-nji ýylyň 1-nji apreline çenli kabul edilýär.
Ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin degişli şertleri we talaplary berjaý etmelidirler.