Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Mawritaniýada Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

15:0518.03.2023
0
31304
Türkmen wekiliýeti Mawritaniýada Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň paýtagty Nuakşot şäherinde geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşdy.

Mejlisiň dowamynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy we beýleki ugurlar boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlarda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak hem-de döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýaly ugurlar esasy orun eýeledi.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hiseýn Brahim Tahanyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky bar bolan hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berildi hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşyldy. Şeýle hem türkmen wekiliýeti gurluşygy jemleýji tapgyrda dowam edýän Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheri barada giňişleýin maglumat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň