Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanda boş iş orunlary çendenaşa artyk

12:5618.03.2023
0
33769
Gyrgyzystanda boş iş orunlary çendenaşa artyk
Surat: superg.ru

Gyrgyzystanda boş iş orunlary çendenaşa artyklyk edýär. Bu barada ýurduň zähmet, durmuş üpjünçiligi we migrasiýa ministri Kudaýbergen Bazarbaýew habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

«Bu gün biziň ministrligimiz ilatyň iş bilen üpjünçiligi babatda işjeň aladalanýar. Men ýaňy «Oş-tekstil» kärhanasynda boş iş orunlarynyň köpdügini aýtdym, ol ýerde esasy mesele işgärleriň hünär derejesi bilen bagly» diýip, Bazarbaýew belledi.

Ministriň sözlerine görä, oba hojalygynda, gurluşykda we lomaý-bölek satuwlar ulgamynda boş iş orunlary köp.

Ýagdaýy düzetmek üçin Zähmet ministrligi raýatlaryň iş berijiler bilen özbaşdak habarlaşyp bilerleri ýaly malgumatlaryň umumy bazasyny döretdi, netijede, kompaniýalar täze işgärleriň hünär taýýarlygyny ýola goýdular. Ministrlik şeýle-de daşary ýurtlarda bolup gelen gyrgyzystanlylara kömek bermek üçin maksatnama taýýarlaýar, döwlet olara maliýe goldawyny berer hem-de işe ýerleşmäge ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň