Türkmenistanyň Prezidenti ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi

10:4518.03.2023
0
29970
Türkmenistanyň Prezidenti ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu özboluşly ekologik çäre Aşgabat şäheriniň ilersinde, dag etegindäki ajaýyp künjekde geçirildi.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiriniň habar bermegine görä, ir bilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň badalga beriljek ýerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy çärä gatnaşyjylar mähirli garşyladylar. Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň täsirini artdyrdy.

Dabaranyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ilkinji agaç nahalyny oturtmak bilen, ýazky bag ekmek möwsümine ak pata berdi. Çärä gatnaşyjylar hem bu asylly däbe eýerdiler. Ählihalk bag ekmek dabarasy daşary ýurtly wekilleri-de özüne çekip, ýyl-ýyldan Türkmenistanyň durmuşynda uly ähmiýetli waka öwrülýär. Oňa ýurduň ähli sebitleriniň ýaşaýjylary hem uly ruhubelentlikde goşuldylar.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ýurtda ekologik abadançylygy üpjün etmek we tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek maksady bilen, şu ýyl dürli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýbüni ekmek göz öňünde tutulýar. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi şu gezekki ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylar.

Şu gün köpçülikleýin bag ekmek dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň çäginde hem ýaýbaňlandyryldy. Häzirki wagtda täze welaýat merkeziniň degişli künjekleriniň bag-bakjalyga beslenmegi bu ýerde ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň