Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropanyň Konferensiýalar ligasynyň çärýek final we ýarym final duşuşyklarynyň bijeleri çekildi

10:2718.03.2023
0
18361

Nýonda Konferensiýalar ligasynyň 2022 ― 2023-nji ýyllaryň möwsüminiň çärýek final we ýarym final duşuşyklary üçin bijeler çekildi. Bu barada UEFA-nyň metbugat gullugy habar berýär.

¼ finalda şu jübütler duşuşar:

  • «Leh» – «Fiorentina»
  • «Gent» – «West Hem»
  • «Anderleht» – AZ
  • «Bazel» – «Nissa»

Ýarym finallar:

  • «Leh» / «Fiorentina» – «Bazel» / «Nissa»
  • «Gent» / «West Hem» – «Anderleht» / AZ

Çärýek finalyň birinjiduşuşyklary 13-nji, jogap duşuşyklary bolsa 20-nji aprelde bolar.

Ýarym final duşuşyklary 11-nji we 18-nji maýda geçiriler.

Konferensiýalar ligasynyň finalçysy 7-nji iýunda Praga şäherindäki «Eden Arenada» geçiriljek final duşuşygyndan soň belli bolar. Ýaryşyň çempiony milli çempionatda eýelän ornuna garamazdan, 2023 ― 2024-nji ýyllaryň möwsüminde Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň