Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň häkimi Kataryň ilçisi bilen duşuşdy

17:2417.03.2023
0
18934

Kataryň Türkmenistandaky ilçihanasynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow bilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada şäher häkimligi habar berýär.

Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşykda Aşgabat şäher häkimligi bilen Kataryň ilçihanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler iki dostlukly ýurduň arasyndaky işjeň ösýän gatnaşyklary göz öňünde tutup, dürli ugurlardaky özara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň