Soňky habarlar

Arhiw

Arizonada howply ýükli otly agdy

10:0317.03.2023
0
23072
Arizonada howply ýükli otly agdy
Surat: ren.tv

ABŞ-nyň Arizona ştatynyň demirgazygynda howply jisimleri daşaýan ýük otlusy demir ýoldan agdy. Bu barada «New York Times» gazetine salgylanyp, «RIA Nowosti» habar berdi.

Heläkçilik Mohawe okrugynyň Topok şäheriniň golaýynda boldy. Howply jisimleriň dökülmegi we hadysanyň sebäpleri barada habar berilmeýär.

Bu soňky aýlarda ABŞ-da howply ýükli otlularyň agmagy bilen bagly ilkinji ýagdaý däldir. Fewralda ýurduň Ogaýo ştatynda hem himiki jisimleri daşaýan otly demir ýoldan agyp, ýangyn döredi. Ýerli ýaşaýjylary göçürmeli boldy diýip, «Belta.by» saýty ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň