Soňky habarlar

Arhiw

«Materiallaryň garşylygy» dersinden ikinji halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi

20:2716.03.2023
0
29066

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda «Materiallaryň garşylygy» dersinden ikinji halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi.

Şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilen bu olimpiada dünýäniň 19 döwletiniň 128 sany ýokary okuw mekdebinde bilim alýan talyplaryň 442-si gatnaşdy.

Olimpiadada türkmen, iňlis we rus dillerinde «Materiallaryň garşylygy» dersiniň okuw maksatnamasy esasynda birmeňzeş taýýarlanylan mysallaryň we meseleleriň 6 sanysyny çözmeklik göz öňünde tutuldy.

Bu halkara iternet olimpiadasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýyla çenli ýurduň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak baradaky tabşyryklarynyň çäklerinde geçirildi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty häzirki wagtda dünýäniň iň abraýly Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasynyň, Gurluşyk ýokary okuw mekdepleriniň assosiasiýasynyň we Uniwersitetleriň halkara bileleşiginiň hormatly agzasydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň