Soňky habarlar

Arhiw

FIFA Dünýä kubogynyň geçiriliş tertibini üýtgetdi

13:3915.03.2023
0
38754

FIFA 2026-njy ýyldaky Dünýä Kubogynyň geçiriliş tertibini, formatyny mälim etdi.

Şoňa görä, 48 ýygyndynyň gatnaşjak çempionatynda toparlar 12 toparça bolup, olaryň hersinde 4 topar çykyş eder. Her toparçada ilkinji 2 orny eýelänler hem-de 3-nji ýeri eýelänleriň iň gowy netije görkezen 8-si, jemi 32 ýygyndy ýaryşy dowam eder.

Bu Dünýä Kubogy ozalkylar ýaly 30 günde däl-de, 39 günde tamamlanar we duşuşyklaryň sany 104-e çykar (öňki çempionatlarda 64 duşuşyk geçirilýärdi). 2026-njy ýyldaky Dünýä Kubogy ABŞ-nyň, Kanadanyň hem-de Meksikanyň 16 şäherinde geçiriler we häzirlikçe ýaryşyň geçiriljek wagty belli däl. Ýöne final duşuşygynyň 2026-njy ýylyň 19-njy iýulynda oýnalmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň