Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ankara sammitine gatnaşar

12:2515.03.2023
0
38718
Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ankara sammitine gatnaşar
Surat: tdh.gov.tm

Ozal habar berşimiz ýaly, ertir — 16-njy martda Türkiýäniň Ankara şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary sammiti geçiriler. Onuň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, tebigy betbagtçylyklaryň ýetiren zyýanyna tagallalaryň birleşdirilmegi arkaly netijeli jogap bermek bilen bagly, şeýle-de agza ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Sammite gurama agza döwletlerden ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

«Kabar» gyrgyz habarlar agentliginiň habar bermegine görä, sammite guramanyň agza döwletleriniň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri, şeýle-de guramanyň synçy agzalary bolan ýurtlardan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Wengriýanyň Premýer-ministri gatnaşarlar.

Türki Geňeşiniň ýerine döredilen Türki Döwletleriň Guramasynyň ilkinji sammiti geçen ýyl Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşandygyny bellemelidiris. Sammitiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedowa Türki dünýäniň ýokary ordeni gowşuryldy.

Türki halklaryň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen häzirki zaman döwletleri birleşdirýän «Türki Geňeş» halkara guramasy 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda Nahçywanda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň Prezidentleri tarapyndan döredildi. 2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde olara Özbegistan hem goşuldy.

2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambulda ýerleşýän Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň VIII sammitinde Türki Geňeş Türki Döwletleriň Guramasy diýlip atlandyryldy. Şol sammitde Türkmenistan synçy agza hökmünde bu gurama kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň