Milli ýygyndylaryň CAFA ― 2023-däki netijeleri FIFA-nyň reýtingine täsirini ýetirer

13:3814.03.2023
0
36683

Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşjak ýygyndylaryň bu ýaryşda gazanjak netijeleri olaryň FIFA-nyň reýtingindäki ornuna täsirini ýetirer. Bu barada TASS Täjigistanyň Futbol federasiýasyna salgylanyp habar berýär.

«Ýaryş FIFA-nyň iýun aýyndaky günlerinde geçiriler. Onda toplanyljak utuklar milli ýygyndylaryň FIFA-daky reýtingine täsirini ýetirer. Çünki ýaryş Aziýanyň Futbol konfederasiýasy bilen ylalaşyk esasynda geçirilýär» diýlip, habarda aýdylýar.

CAFA-nyň alty agzasyny ― Täjigistanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň ýygyndylaryny öz içine aljak ýaryşa, Russiýanyň we Tailandyň ýygyndylarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň