Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Katmer» atly ilkinji türk konditer kafesi açylar

09:4414.03.2023
0
44619

Şu hepdede nusgawy türk süýjüliklerini we hoşboý ysly kofeleri halaýanlar üçin «Katmer» konditer kafesi Aşgabatda gapylaryny giňden açar.

15-nji martda açylýan kafe öz ilkinji müşderilerini desertleriň täze tagamnamasy, türk süýjülikleri, şeýle-de gyzgyn we sowuk içgileri bilen garşy alýar.

Bu ýere gelýän myhmanlar kafeniň açylyş dabarasyna gatnaşmak bilen, tagamly kökelerden we miweli içgilerden dadyp bilerler.

Täze açylýan kafeniň ady iň bir datly türk tagamlarynyň biri bolan «Katmeriň» ady bilen baglanyşyklydyr. Ýukajyk kitirdewük hamyrdan, pisselerden hem-de gaýmakdan taýýarlanylýan süýjülik kafeniň tematikasyny alamatlandyrýar.

Kafeniň açylyşy 15-nji martda sagat 17:00-da şu salgyda bolar: Aşgabat ş., Ankara köçesi (Oguzhan köçesiniň burçy), 19-njy jaý.

Kafe işini ýola goýanyndan soň, her gün sagat 10:00-dan 22:00-a çenli müşderilere hyzmat eder.

Goşmaça maglumatlar üçin telefon belgileri: (+993 63) 24 99 44, (+993 12) 96 49 44. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň