Balkan welaýatynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak teklip edilýär

12:5611.03.2023
0
35423

Ozal habar berşimiz ýaly, 10-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, elektrik energiýasynyň sarp edilýän möçberiniň ýokarlanmagy hem-de daşary ýurt bazarlarynda türkmen elektrik energiýasyna islegleriň yzygiderli artmagy bilen baglylykda, goşmaça energiýa kuwwatlyklaryny döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak baradaky teklip beýan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň hem-de türkmen elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmagyň we eksport ugurlaryny giňeltmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda gurulmagy göz öňünde tutulýan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy baradaky teklibi makullap, wise-premýere bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň