Soňky habarlar

Arhiw

Mental Arifmetika boýunça Türkmenistanyň ilkinji milli rekordy hasaba alyndy

09:2711.03.2023
0
64924

Golaýda Mental Arifmetika boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Şol ýaryşda Liwanur Berdiýewa Türkmenistan boýunça kümüş medalyň eýesi boldy.

Şol gün Mental Arifmetika ugry boýunça Türkmenistanyň ilkinji milli rekordyny hasaba almak ugrunda ýaryş hem guraldy. Şol ýaryşda Liwanur her sanyň arasy 0,3 sekunt tizlikde 1 belgili 200 sany sanlary yzly-yzyna 5 gezekde goşup, dogry hasaplady.

Şeýlelikde ol Türkmenistanyň ilkinji milli rekordyny goýmagy başardy hem-de bu rekord Halkara MEMORIAD bütindünýä zehin sport federasiýasy tarapyndan hasaba alyndy. Rekord goýan gyza degişli sertifikat gowuşyryldy.

Aşgabat şäheriniň dil derslerini çunlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 6-njy synpynyň okuwçysy Liwanur Berdiýewa okuwdan boş wagtlary Aşgabat şäherindäki «Kämil Bilim» okuw merkeziniň ANZAN Mega Mental Arifmetika kursunyň utgaşdyryjysy Döwletmyrat Durdymämmedowyň garagynda bilim alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň