Maýkl Jordan ― häzir hem dünýäniň iň köp hak tölenen türgeni

10:5810.03.2023
0
19993

Sport taryhynda iň köp hak tölenen türgen ozalky basketbolçy Maýkl Jordan boldy.

Bu barada «Kommersant» «Sportico» žurnalyna salgylanyp habar berýär.

Oňa sport ýolunda çykyş eden toparlary tarapyndan jemi 3,3 milliard dollar tölenilipdir. Sanawyň ikinji basgançagynda dünýäniň iň baý golfçysy Taýger Wuds bar. Oňa sport ýolunda 2,5 milliard dollar hak tölenildi. Üçünji orundaky Wudsyň kärdeşi Arnold Palmer jemi 1,7 milliard dollar gazandy.

Milli basketbol ligasynyň ozalky ýyldyzy häzir 60 ýaşynda. Maýkl Jordan «Çikago Bullz» bilen NBA-iň 6, ABŞ-nyň milli ýygyndysy bilen Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek çempiony boldy. Maýkl Jordan sport bilen 2003-nji ýylda hoşlaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň