Soňky habarlar

Arhiw

Ýagşymyradow bilen Englikas bellator 292-niň öňüsyrasyndaky bakyşlaryň duelini geçirdi

23:5009.03.2023
0
25398

Şu gün ABŞ-nyň San-Hose şäherinde Bellator 292-niň öňüsyrasyndaky bakyşlaryň dueli geçirildi. Bu barada MMA Junkie habar berýär.

Tutluşykdan öňki agram çekişlikde türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradow hem, onuň litwaly garşydaşy Julius Englikas hem 93,3 kilogram geldi.

Bu iki pälwanyň arasyndaky tutluşyk 10-njy mart güni geçiriler. Tutluşyk San-Hosedäki «SAP-sentr» sport toplumynda bolar.

Bellator 292-ä tölegli kabel teleýaýlymlaryndan we «Showtime» hemra teleýaýlymyndan tomaşa edip bolar.

32 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow Bellator bilen 2020-nji ýylyň dekabr aýynda şertnama baglaşdy. Ol bu guramadaky soňky tutluşygyny geçen ýylyň 16-njy aprelinde braziliýaly Rafael Karwalýu bilen geçirip, ýeňiş gazanypdy. Bu onuň Bellatordaky ilkinji ýeňşi boldy. Ondan öň ol guramadaky ilkinji iki tutluşygynda garşydaşlaryndan asgyn geldi.

Ýagşymyradowyň MMA karýerasynda 19 ýeňiş bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň