Soňky habarlar

Arhiw

«Independiente del Valle» «Flamengony» ýeňip, taryhynda ilkinji gezek Günorta Amerikanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy

23:5101.03.2023
0
2176

Günorta Amerikanyň Super Kubogyna (Recopa Sudamericana) Ekwadoryň «Independiente del Valle» kluby mynasyp boldy.

Libertadores Kubogynyň eýesi «Flamengo» bilen Sudamerikana Kubogynyň ýeňijisi «Independiente del Walle» toparlarynyň 1-nji duşuşygynda ekwadorlylar 1-0 ýeňiş gazanypdy. Jogap duşuşygy bolsa Riodaky «Marakana» stadionynda oýnaldy. Bu oýunda «Flamengo» topary Žoržan de Arraskaetanyň 90+6-njy minutdaky goly bilen 1-0 ýeňdi.

Netijede, goşmaça wagt berildi. Goşmaça 30 minutda-da hasap üýtgemedi. Oýundan soňky penalti urgularynda-da 5-4 öňe saýlanan «Independiente del Walle» taryhynda ilkinji gezek bu kubogy eýelemegi başardy. Günorta Amerikanyň Super Kubogy duşuşygy 31-nji gezek geçirildi. Bu kubogy iň köp «Boko Huniors» hem-de «Riwer Pleýt» klublary gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň