Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň bijeleri Katarda çekiler

08:0207.03.2023
0
19579

Futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň final tapgyrynyň bijeleri 11-nji maýda çekiler ― diýip, Gyrgyzystanyň Futbol birleşigi habar berýär.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, Kataryň Doha şäherinde geçiriljek bije çekişligiň netijesinde 24 ýygyndy alty toparçany emele getirer.

Taryhda 18-nji gezek geçiriljek yklym ýaryşyny 2024-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan 10-njy fewralyna çenli aralykda Katar kabul eder.

Bu ýaryşy şu ýyl Hytaý kabul etmelidi, ýöne ýurduň hökümeti geçen ýylyň maýynda ýaryşy kabul etmekden ýüz öwürdi.

Üçünji saýlama tapgyrynyň netijeleri boýunça Iordaniýanyň, Indoneziýanyň, Palestinanyň, Özbegistanyň, Tailandyň, Hindistanyň, Gonkongyň, Bahreýniň, Malaýziýanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň ýygyndylary yklym ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Eýranyň, Koreýa Respublikasynyň, BAE-niň, Liwanyň, Yragyň, Siriýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Omanyň, Wýetnamyň, Hytaýyň we Kataryň ýygyndylary bolsa eýýäm ikinji saýlama tapgyryndan soňra ýaryşdaky ýerini berkidipdiler.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmedi.

Aziýanyň häzirki çempiony Kataryň ýygyndysydyr. Bu ýaryşda iň kän çempion bolan ýygyndy bolsa Ýaponiýanyň ýygyndysydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň