Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» Dubaýda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

07:4807.03.2023
0
18209

«Ahal» Dubaýdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde Emirlikleriň «La Liga HPS» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Duşuşyk «Ahalyň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

«La Liga HPS» akademiýasy BAE-niň ikinji dwizionynda altynjy orny eýeleýär.

«Ahalyň» BAE-däki türgenleşikleri mart aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.

Geçen ýyl taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony bolan «Ahal» şu ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýaryşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň