Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklandy

22:0206.03.2023
0
40104

Täze taryhy döwürde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine, Adalat ministrligi bilen bilelikde, Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň