Soňky habarlar

Arhiw

UEFA Çempionlar ligasynyň final duşuşygynyň pökgüsini tassyklady

18:0106.03.2023
0
21968

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) Çempionlar ligasynyň 2022 ― 2023-nji ýyllardaky möwsüminiň Stambul şäherinde geçiriljek final duşuşygynyň pökgüsini resmi taýdan tassyklady. Bu barada «Matç TW» ýazýar.

«Özboluşly reňklere eýe bolan pökgi Stambulyň medeni gymmatlyklaryny özünde birleşdirýär» diýlip habarda aýdylýar.

Çempionlar ligasynyň häzir dowam edýän möwsüminiň final duşuşygy 10-njy iýun güni Stambul şäherindäki Atatürk Olimpiýa stadionynda geçiriler.

Duşuşyga Türkmenistanda «Matç TW» holdinginiň ýaýlymlarynyň biri boýunça tomaşa edip bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň