Soňky habarlar

Arhiw

Jon Jons UFC-niň agyr agram derejesiniň çempionlygy ugrundaky tutluşykda Siril Gandan üstün çykdy

10:1206.03.2023
0
15411

Amerikaly pälwan Jon Jons UFC-niň agyr agram derejesindäki çempionlyk tutluşygynda fransiýaly Siril Gany ýeňdi. Ýaryşyň bu agram derejesiniň çempionlyk guşagy ozal eýesiz durdy.

Tutluşyk ABŞ-nyň Newada ştatynyň Las-Wegas şäherinde ― UFC 285 agşamynyň çäklerinde geçirildi.

Tutluşyk eýýäm birinji döwde Jonsuň netijeli urgy bilen gazanan ýeňşinden soň tamamlandy.

Bu agram derejäniň çempionlyk guşagy şu ýylyň ýanwar aýynda ozalky çempion Fransis Ngannunyň gurama bilen hoşlaşmagyndan soň boş galypdy. Şeýlelikde, Jons karýerasynda üçünji gezek UFC-niň çempiony bolmagy başardy.

Mundan ozal ol iki gezek ýarymagyr agram derejäniň çempiony bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň