Seriýa A-nyň kerwenbaşysy «Napoli» 25-nji tapgyryň çäginde öz meýdanynda «Lasiony» kabul etdi.
«Diego Armando Maradona» stadionynda geçirilen duşuşyk myhmanlaryň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 67-nji minutda Matias Wesino geçirdi. Şeýlelikde, «Lasio» «Napoliniň» Seriýa A-daky 8 duşuşyklyk ýeňişli tapgyrynyň arasyny böldi. Şeýle-de bolsa, Luçano Spalettiniň topary 65 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýär.