Aşgabat şäherinde ýerleşýän A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebinde ruslaryň milli baýramy bolan Maslenisa baýramy bellenildi. Bu barada Mir24 habar berýär. Baýramçylyk mynasybetli bu ýerde aýdym-sazly dabara geçirildi.
Türkmen-rus mekdebiniň mugallymlarynyň, okuwçylarynyň, şeýle-de ene-atalaryň gatnaşmagynda geçirilen dabaranyň dowamynda okuwçylar üçin ussatlyk sapaklary geçirildi. Ussatlyk sapaklarynda bezegleri, abadançylygyň we hasyllylygyň simwoly bolan gurjaklardyr dürli görnüşdäki oýnawaçlary taýýarlamagyň düzgünleri öwredildi. Mundan başga-da, dabarada ruslaryň milli tanslary, aýdymdyr sazlary ýerine ýetirildi. Myhmanlara bolsa rus tagamlary hödür edildi.
Maslenisa — ruslaryň milli baýramy bolup, ol gyş bilen hoşlaşmagyň baýramy hökmünde bellenilýär. Bu baýramçylygyň başlangyjy Pasha gününe baglydyr. 2023-nji ýylda Maslenisa güni 20-nji fewralda başlandy we 26-nji fewralda tamamlandy.