Soňky habarlar

Arhiw

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi

17:5224.02.2023
0
48013

Şu gün Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Tebigy gazdan wodorod energiýasyny almagyň ylmy-tehniki mümkinçilikleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahata daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri, şeýle hem belli alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary hem-de dünýäniň 20-den gowrak ýurdunyň ylym-bilim ulgamynyň 100-e golaýy hünärmenleri gatnaşdylar.

Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün tertibinde ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, wodorod energiýasyny işläp taýýarlamak we ösdürmek ýaly meseleler girizildi.

Daşary ýurtly alymlaryň we professorlaryň çykyşlarynda wodorod energetikasyny döretmek we ony ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin maglumatlar berildi. Çykyşlarda Türkmenistanda wodorod energetika pudagyny döretmek meseleleri möhüm orun eýeledi. Daşary ýurtly alymlar Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Wodorod energetikasy» merkezinde alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine ýokary baha berdiler. Uniwersitetiň ýaş mugallymlary hem-de ylmy işgärleri tarapyndan alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň ösüşiniň maksatlaryna ýetmekde ähmiýetiniň uludygy bellenildi.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde professor-mugallymlaryň 500-e golaýy zähmet çekýär, şeýle hem 6000-den gowrak talyplar bilim alýar. Talyplara dünýä dilleriniň birnäçesi, ýangyç senagatynda peýdalanylýan innowasion tehnologiýalaryň ylmy esaslary öwredilýär. Häzirki wagtda ýerine ýetirilýän ylmy-barlaglaryň netijeleri boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary tarapyndan 60-dan gowrak patentler alyndy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň