Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Ýerewan uniwersitetiniň prorektory bilen duşuşdy

20:4922.02.2023
0
38264
Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Ýerewan uniwersitetiniň prorektory bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazow Ýerewan Döwlet uniwersitetiniň ösüş we innowasiýalar boýunça prorektory Mikael Owannisýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda M.Owannisýan ýokary okuw jaýynda bar bolan halkara aragatnaşyk ulgamy, uniwersitetiň halkara işewürligi barada, şeýle hem daşary ýurtly talyplar üçin talyp haklarynyň elýeterliligi barada maglumat berdi.

Ilçi M.Aýazow Ýerewan uniwersitetiniň Türkmenistanyň uniwersitetleri bilen özara gatnaşyklarynyň netijeli ugurda ösýändigini, geçen ýyllaryň çäginde özara iş saparlary, şeýle hem profesor-mugallymlaryň arasynda birnäçe netijeli ýygnaklaryň we türkmen talyplary üçin leksiýalaryň guralandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Myhmanlar Ilçihananyň şu ýyl Ermenistan Respublikasynda meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreleri geçirmek babatdaky meýilnamalary bilen tanyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Ýerewan uniwersitetiniň prorektory Ilçihananyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Dünýä medeniýetiniň taryhynda Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy-amaly maslahaty bilelikde geçirmek baradaky başlangyjyny doly derejede goldady.

Taraplar hyzmatdaşlygyň ýokarda agzalyp geçilen geljekki uly ugurlary boýunça gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň