Germaniýanyň «Baýer» futbol toparynyň hüjümçisi Serdar Azmun «Marsele» amala aşmadyk transferi barada gürrüň berdi.
«Meniň transferim doly amala aşypdy. Ýöne ählisi soňky sekuntlarda bulaşdy. Hatda men «Marseldäki» belgimi hem saýlapdym. Ýöne, görşüňiz ýaly, Lewerkuzende galdym» diýip, Azmun Eýranyň Futbol federasiýasyna beren interwýusynda aýtdy.
Azmunyň Bundesliganyň şu möwsüminde 11 duşuşyga gatnaşyp, heniz bir gezek hem tapawutlanmandygyny ýatladýarys. Tälimçiler oňa az mümkinçilik berýärler.