Türkmenistanly goragçy Teýmur Çaryýew Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» toparynyndaky ilkinji goluny geçirdi.
Ol toparynyň «Metallist» bilen geçiren ýoladşlyk duşuşygynda tapawutlandy. Türkmenistanly goragçynyň goly bilen «Abdyş-Ata» hasapda 1:0 öňe çykdy. Ahyrky netijede bolsa, «Abdyş-Ata» 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.
«Abdyş-Ata» häzirki wagtda Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär.
22 ýaşly Çaryýewiň geçen möwsümde Marynyň «Energetik» futbol toparynda çykyş edendigini ýatladýarys. Transfermarkt oňa 100 müň ýewro baha kesýär.